Samsung ýumşak korpusly panda görnüşli gulaklyklary döretdi

  • 21.02.2024 20:39
  • 4.5k+

«Samsung» kompaniýasy Günorta Koreýada «Galaxy Buds 2 Pro» gulaklyklarynyň täze – «Twin Bao» nusgasyny hödürledi. «Twin Bao» ýakynda «Samsung Everland» seýilgähinde Hueý Bao we Ruý Bao atly panda çagalarynyň dünýä inmegi mynasybetli döredilen ýörite nusgadyr. Bu barada «GizmoChina» habar berýär.

«Twin Bao» ýumşak matadan pandanyň kellesi şekilindäki gaply «Galaxy Buds 2 Pro» gulaklyklarydyr. «Samsung» iki nusga döretdi: gara gulaklyklar Ruý Baony, aklary bolsa Hueý Baony aňladýar. «Galaxy Buds 2 Pro» gulaklyklaryny eýýäm ulanýan ulanyjylaryň daşlyklary aýratyn satyn almaga mümkinçilikleriniň bardygy bellenilýär.
Çaga pandalaryň atlary «şöhle saçýan hazyna» (Hueý Bao) we «paýhasly hazyna» (Ruý Bao) diýmegi aňladýar. «Twin Bao» gaplary pandalaryň ýüzleriniň özboluşly aýratynlyklaryny gaýtalaýar. Mysal üçin, Hueý Baonyň Ruý Baonyňkydan has giň burny bar.
«Galaxy Buds 2 Pro» gulaklyklarynyň özüne çekiji nusgasy diňe Günorta Koreýada 2024-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 195 müň won (takmynan 146 dollar) bahadan satylar. Diňe daşlyklaryň bahasy 42,9 müň won (takmynan 32 dollar) bolar.
Tehniki aýratynlyklary boýunça täze «Galaxy Buds 2 Pro Twin Bao» adaty gulaklyklar bilen birmeňzeş häsiýetlere eýedir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...