Pinterest 2024-nji ýyl üçin bäş esasy reňki saýlady

  • 22.02.2024 08:32
  • 4.7k+

Pinterest-iň hünärmenleri 2024-nji ýylda haýsy reňk palitralarynyň öňdebaryjy boljakdygyny çakladylar. Olar hem platformada, hem tutuş internet ulgamy boýunça medeniýetde, modada, dizaýnda trendleri öwrenip, beýlekilerden ýygy-ýygydan gaýtalanýan reňkleri tapawutlandyrdylar.

Pinterest bäş öwüşgini aýratynlandyrdy – “Mämişi çöl” (Desert Orange), “Gülgüne marmelad” (Gummy Pink), “Gök suw” (Aqua Blue), “Ýaşyl moh” (Moss Green) we “Goňur mokko” (Mocha Brown).
Pinterest bu reňkleriň 2024-nji ýylda egin-eşikdigine, interýerdigine ýa-da dizaýndygyna garamazdan, stile laýyk we gaýtalanmajak obrazy döretmäge kömek etjekdigine ynanýar.

 

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....