Adam Sendler we “Barbi” People’s Choice Awards baýragynyň eýeleri boldy

  • 21.02.2024 20:47
  • 6.4k+

Santa-Monikada 49-njy People’s Choice Awards dabarasy geçirildi. Bu ýerde ýeňijiler tomaşaçylaryň ses bermegi bilen kesgitlenýär. Agşamyň esasy baýrak eýesi Greta Gerwigiň “Barbi” filmi boldy. Ol “Ýylyň filmi” we “Ýylyň komediýa filmi” hökmünde baýraklary aldy. Bu barada people.com saýty habar berýär.

Baş keşpleri ýerine ýetiriji Margo Robbi we Raýan Gosling “Ýylyň kino ýyldyzlary” diýlip yglan edildi, ikinji plandaky keşbi ýerine ýetiren Amerika Ferrera “Ýylyň iň gowy aktrisasy” adyny aldy.
Belläp geçsek, “Barbi” “Altyn globus” we BAFTA baýraklaryny alyp bilmedi, şonuň üçin onuň People’s Choice Awards-daky ýeňşi teselli beriji baýrak hökmünde hyzmat edýär diýseňem bolar.
Dabaranyň ýene bir möhüm wakasy meşhur komik we kinoaktýor Adam Sendleriň “Ikona” baýragyny almagy boldy. Bu baýragy oňa ýakyn dosty we kärdeşi Jennifer Eniston gowşurdy. Onuň özi-de “Irdenki şoudaky” keşbi üçin “Ýylyň tele-ýyldyzy (drama)” kategoriýasynda heýkel aldy. Pedro Paskal “Erkekleriň arasynda ýylyň tele-ýyldyzy” boldy.
BTS-den Jonguk “Ýylyň artisti” diýlip yglan edildi. “Ýylyň zenan artisti” we “Ýylyň pop artisti” bolsa Teýlor Swift boldy.
Şakira “Iň gowy latyn amerikaly artist” hökmünde baýraga mynasyp boldy. “Ýylyň aýdymy” diýlip Oliwiýa Rodrigonyň “Vampire” aýdymy saýlandy.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....