Täze Samsung Galaxy F15 arzan smartfonynyň aýratynlyklary aýan edildi. Ol ertir satuwa çykar

  • 21.02.2024 19:06
  • 9.1k+

Internetde «Samsung» kompaniýasynyň resmi mahabat materiallary peýda bolup, onda kompaniýanyň nobatdaky arzan smartfony «Galaxy F15» barada anyk maglumatlar beýan edilýär. Bu barada gazeta.ru «Smartprix» neşirine salgylanyp habar berýär.

Smartfon «MediaTek Dimensity 6100+» prosessory bilen üpjün ediler we «Dimensity 720» çipsetli «Galaxy A15-den» has güýçli bolar. «Galaxy F15-iň» 6000 mA/s sygymly akkumulýatory bolup, ol USB-C porty bilen 25W çalt zarýad bermegi goldaýar.
Mahabat materiallaryndan täze önümiň üç kamera bölümini aljakdygy hem aýdylýar. Modullaryň aýratynlyklary açylyp görkezilmese-de, toplumda giň burçly kamera, ultra giň burçly kamera we makrokamera bolar.
«Galaxy F15» 2027-nji ýyla çenli «Android» täzelenmeleri, şeýle hem 2029-njy ýyla çenli howpsuzlyk programmalary bilen üpjün ediler diýlip garaşylýar.
Syzdyrylan maglumatlardan ýüze çykarylan başga bir maglumat «Galaxy F15-iň» «Voice Focus-y» goldaýanlygydyr. «Voice Focus» – bu telefon arkaly söhbetdeşlik wagtynda fon sesini kesýän we ulanyjynyň sesini beýleki adama has düşnükli edýän emeli aňa esaslanýan mümkinçilikdir.
Ekranyň aýratynlyklary belli däl, ýöne «Galaxy F15-iň» 90Hz täzelenme tizligi bolan 6,5 dýuým ekrana eýe bolmagyna garaşylýar.
«Samsung Galaxy F15» 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Hindistanda satuwa çykarylar. Şol gün kompaniýa täze önümiň bahasyny aýan eder. Onuň bahasynyň başga bir arzan smartfonyňka – «Galaxy A15-iň» bahasyna deň bolmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...