Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar doly gadagan edilýär

  • 21.02.2024 11:55
  • 6.2k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky görkezmäni müdirler synp otaglarynda bidüzgünçiligi azaltmak we okuwçylaryň özüni alyp barşyny gowulandyrmak üçin ulanarlar. Bu düzgüni bozan okuwçylar sapakdan soň galdyrylar, gajetler bolsa müdiriň zerur hasaplan möhletine çenli elden alnar diýlip, metbugat relizinde aýdylýar. Täze düzgünlere laýyklykda, mugallymlar okuwçylaryň ýantorbalaryny barlap bilerler, şeýle-de alnan ykjam telefonlaryň ýitirilendigi ýa-da zyýan ýetirilendigi üçin ene-atalar tarapyndan beriljek şikaýatlardan hukuk goragyny alyp bilerler.
Mekdeplere bu düzgünleri berjaý etmek üçin dört çemeleşme hödürlenýär diýlip, görkezmede bellenilýär. Birinjisi – gajetiň mekdebiň çäginde ulanylmagyny doly gadagan etmek, olary öýde goýmak teklip edilýär. Ikinji we üçünji çemeleşmeler telefonlaryň bilim edarasynyň işgärlerine berilmegini ýa-da olaryň okuw gününde ýörite gorag şkaflarynda goýulmagyny göz öňünde tutýar. Dördünjisi – telefony özüňde saklamak, ýöne “hiç kim görmez we hiç kim eşitmez” düzgünini berk berjaý etmekdir.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......