iPhone 16 Pro-nyň kamerasy täze dizaýna eýe bolar

  • 21.02.2024 11:50
  • 19k+

Apple dizaýnda we işleýşinde birnäçe üýtgeşiklik aljak iPhone 16 Pro smartfonlarynyň täze hataryny çykarmaga taýynlanýar. Wccftech portalynyň habaryna görä, iň görnükli täzelikleriň biri esasy kameranyň täze dizaýny bolar.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, iPhone 16 Pro-da her kamerasynyň öz tegelek göwresi bolan öňki modellerden tapawutlylykda, ähli kameralar üçin bir blok bolar. Bu smartfona Majin Bu-nyň X sahypasynda ýerleşdiren suratlarynda görkezilişi ýaly, has ýylmanak we döwrebap görnüş berer.
Täze kameranyň dizaýny alyjylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolup biler. Kompaniýa henizem iPhone 16-nyň Pro modelleri üçin dürli prototipleri giňişleýin synagdan geçirýär, şonuň üçin enjamda has köp üýtgeşmeler bolup biler.
Mundan başga-da, täze iPhone 16 Pro köp sanly innowasion aýratynlyklara we emeli aňa, şol sanda kämilleşdirilen neýron hereketlendirijisine we A18 prosessoryna eýe bolar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu gowulaşmalar smartfona surat we wideo düşüriş ulgamynda has köp mümkinçilik döreder.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...