“Napoli” möwsümde ikinji gezek tälimçisini çalyşdy

  • 21.02.2024 10:45
  • 4.6k+

Slowakiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Françesko Kalsona Italiýanyň “Napoli” toparynyň baş tälimçisi wezipesinde Walter Mazzarriniň ornuny çalyşdy. Bu barada futbol klubunyň prezidenti Aurelio De Laurentise salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Slowakiýanyň Futbol birleşigi Kalsona şu möwsümiň ahyryna çenli “Napoli” toparyna tälimçilik etmäge rugsat berendigini aýtdy. Şeýle-de, guramanyň italiýaly hünärmen bilen 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täze şertnama barada ylalaşandygy habar berildi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çykylan ýagdaýynda şertnama dünýä birinjiligindäki çykyşyň ahyryna çenli awtomatiki usulda uzaldylar.

“Men De Laurentisiň maşgalasynyň we “Napoliniň” dosty Mazzarrä kyn pursatda topara beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Ol neapolitanlylaryň we biziň maşgalamyzyň ýüreginde galar. Hoş geldiňiz, eýýäm biziň bilen Sarriniň we Spallettiniň ştabynda işleşen Françesko Kalsona, dolanyp gelmegiňiz bilen” – diýip, De Laurentis X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, çarşenbe güni “Napoli” Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýnunda Ispaniýanyň “Barselonasyny” kabul eder.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......