Eminem aýdym-saz muşdaklary hakynda dokumental film döreder

  • 21.02.2024 07:02
  • 4.2k+

Meşhur hip-hop aýdymçysy Eminem çendenaşa muşdaklyk hadysasy hakynda «Sten medeniýeti» atly dokumental film döreder. Bu hadysa «Sten» (2000) atly aýdym çykandan soň internetde şeýle atlandyrylyp başlandy: onda Eminem Sten atly özüni gödek alyp barýan muşdagyň adyndan rep okaýar, muşdagy oňa yzly-yzyna haýbat atýan hatlary iberýär.

Film repçiniň durmuşyna esaslanyp, ýyldyz bilen muşdaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary öwrenýär diýip, «Variety» neşiri ýazýar. Sinopsise görä, film «dünýäniň iň ajaýyp we üstünlikli suratkeşleriniň biri Eminemiň we onuň muşdaklarynyň üsti bilen superfandom dünýäsini paş edýär hem-de oňa içgin aralaşýar».
Filmiň režissýory Stiwen Lekart (2020-nji ýylda Netflix üçin «Çellenjer: Soňky uçuş» atly dokumental mini-serialy surata düşürdi). Taslamanyň üstünde Eminemiň «Shady Films» kompaniýasy «DIGA Studios» we «Hill District Media» bilen bilelikde işleýär. Film şu ýyl çykar, ýöne takyk senesi mälim edilmedi.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....