Apple täze MacBook modellerini Samsung-yň gatnaşmagynda dörediler

  • 21.02.2024 07:05
  • 2.1k+

Günorta Koreýanyň «The Elec» neşiriniň habar bermegine görä, «Samsung» geljekki «MacBook» modelleri üçin OLED displeýleriniň üpjünçilik zynjyryna goşulmaga taýynlanýar.

Soňky ýyllarda «Apple-iň» «MacBook Pro» we «MacBook Air» noutbuklarynyň LCD displeýlerini OLED displeýleri bilen çalyşmagy meýilleşdirýändigi barada habarlar ýaýrady. «The Elec» neşiriniň hasabatynda «Samsung» kompaniýasynyň häzirki wagtda «Apple-iň» noutbuklary üçin ekran öndürmek boýunça ulanyljak sekizinji nesil OLED panelleriniň önümçilik hataryny taýýarlaýandygy aýdylýar.
«The Elec» bu önümçilik liniýasynda öndürilen panelleriň 2027-nji ýyla çenli täze «MacBook» modellerinde ulanylmajakdygyny hem belleýär.
Hytaýyň «ITHome» neşiri hem «Apple-iň» 2024-nji ýylyň mart aýynda iki sany täze «iPad Pro» modelinden başlap, 2027-nji ýyla çenli dokuz sany täze enjamda OLED displeýlerini ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini ýazýar. «ITHome-iň» çaklamalaryna görä, OLED displeýli ilkinji «MacBook» 2026-njy ýylda çykar.
OLED displeýleriniň artykmaçlyklary has ýokary ýagtylygy we kontrasty, reňkleriň has takyklygyny we pes energiýa sarp etmegini öz içine alýar. OLED panelleri LCD ekranlardan has inçe we ýeňildir. «Apple» eýýäm «iPhone SE-den» başga ähli «iPhone» we «Apple Watch» modellerinde OLED displeýleri ulanýar.


22.03.2026 04:18
2.1k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...