“Oppengeýmer” ýedi nominasiýada BAFTA baýragyna mynasyp boldy

  • 21.02.2024 06:26
  • 3.2k+

Londonda geçirilen BAFTA kinoakademiýasynyň 77-nji baýrak gowşurylyş dabarasynda Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi has köp baýraga eýe boldy. Ýeňijileriň sanawy akademiýanyň saýtynda hödürlendi diýip, REN TV habar berýär.

Şeýlelikde, atom bombasyny dörediji baradaky film 2023-nji ýylyň iň gowy filmi boldy, Nolan bolsa iň gowy režissýor diýlip ykrar edildi. Baş keşbi ýerine ýetiriji Kilian Mýorfi iň gowy aktýor hökmünde saýlandy, kiçi Robert Dauni bolsa “Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi” nominasiýasynda baýraga eýe boldy. Şeýle-de, “Oppengeýmer” “Film üçin iň gowy aýdym-saz”, “Iň gowy montaž” we “Iň gowy operatorlyk işi” nominasiýalarynda ýeňiş gazandy.
Iň gowy aktrisa hökmünde Ýorgos Lantimosyň “Garyplar-betbagtlar” filmindäki Bella Baksteriň keşbi üçin Emma Stoun saýlandy. Filmiň özi hudožnik-režissýoryň işi, wizual effektler, grim we saç bezegi, şeýle-de egin-eşik dizaýny üçin baýraklara eýe boldy.
Soňra baýragyň sany boýunça “Iň gowy britan filmi”, “Iň gowy iňlis dilli däl film” we “Iň gowy ses” nominasiýalarynda ýeňiş gazanan Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” gelýär.
Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” kartinasy iň gowy animasion film diýlip ykrar edildi.
Şeýle-de, “Iň gowy original ssenariýa” – Žýustin Trieniň “Ýykylmagyň anatomiýasy”, “Iň gowy adaptirlenen ssenariýa” – Kord Jeffersonyň “Amerikan harsal eseri”, “Iň gowy kasting” – Aleksandr Peýniň “Galdyrylanlar” kartinasy, “Iň gowy dokumental film” – “20 gün Mariupolda” filmi boldy.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....