Xiaomi 14 Ultra smartfonynyň dizaýny we aýratynlyklary mälim edildi

  • 20.02.2024 08:23
  • 6.5k+

«Xiaomi 14 Ultra» flagman kamerafonynyň gyralarynda egri ekran bolmaz. Muny «WinFuture» portaly tarapyndan neşir edilen enjamyň render suratlary tassyklaýar.

«Xiaomi 14 Ultra» ozal garaşylşy ýaly, titan çarçuwa bilen üpjün edilmez – onuň ýerine korpus alýumin gurluşa eýe bolar. Şeýle hem täze kamerafonyň diagonaly 6,73 dýuým, durulygy 3200x1440 piksel, täzelenme tizligi 120 Gers we iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan tekiz AMOLED ekrany bilen üpjün ediljekdigi mälim boldy.
Yzky paneldäki kamerada dört sany 50 megapikselli modul bolar. Olaryň esasysynda bir dýuým datçik we üýtgeýän diafragma ýerleşdiriler. Iki goşmaça kamera 3,2 we 5 esse optiki ýakynlaşdyrma mümkinçiligini hödürlär, dördünjisi bolsa f/1,8 diafragmaly ultra giň burçly obýektiwe eýe bolar.
Beýleki aýratynlyklara ekranda barmak yzy skaneriniň bolmagy, Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4, şeýle hem aragatnaşyksyz töleg üçin NFC çipi girýär. Mundan başga-da, enjam IP68 standartyna laýyklykda, suwdan we tozandan goralar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...