«Apple Watch» saglygy barlamak üçin adamyň bölüp çykarýan derini seljerer

  • 20.02.2024 08:13
  • 3k+

«Apple» kompaniýasynyň hünärmenleri ulanyjynyň bölüp çykarýan derini seljermäge mümkinçilik berýän akylly sagatlar üçin datçik oýlap tapdylar. Bu barada lenta.ru «PatentlyApple» neşirine salgylanyp habar berýär.

Patent ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary boýunça edarasynyň (USPTO) maglumatlar bazasynda çap edildi. Materialda der datçiginiň fiziologiki bölünip çykýan suwuklygy seljermäge we maglumatlara esaslanyp, saglygyň hem-de beden işjeňliginiň dürli görkezijilerini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.
Datçik iki elektroddan we mikroprosessordan ybaratdyr. Sensor sagadyň arka tarapynda ýerleşýär, ulanyjynyň derisine tarap gönükdirilendir. Şeýlelikde, «Apple Watch» goşmaça görkeziji esasynda adam bedenini seljermegi öwrener.
Alymlaryň bellemeklerine görä, derlemek adamyň saglygy barada köp maglumatlary berip bilýär. Mysal üçin, ýörite datçik türgenleşik wagtynda ulanyjynyň bedeniniň näçe çyglylyk ýitirýändigini anyklamaga we fiziki işjeňligi sazlamaga kömek eder. Hünärmenleriň pikiriçe, derňew prosesi bäş sekuntdan köp wagt almaýar.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......