Marvel 2026-njy ýylda “Bleýd” film franşizasyny täzeden goýberer

  • 20.02.2024 08:29
  • 5.1k+

Meşhur wampir awçysy baradaky hekaýaty gaýtadan başlatjak Marvel-iň täze “Bleýd” filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýyla çenli yza süýşürildi. Bu barada WorldofReel portaly insaýder Jeff Snaýdere salgylanyp habar berdi.

Taýýarlanyp başlanandan bäri taslama köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy, alty gezek ssenariçini  üýtgetdi we henizem surata düşürilip başlanmady.
Filmiň režissýory Ýan Demanž ("71") we ssenariniň iň soňky wersiýasyny Maýkl Grin ("Logan", "Tygyň ýüzünden ylgaýjy 2049") ýazdy.
Baş keşpde oýnamaly Maherşala Alynyň bu taslamany terk edip biljekdigi barada owal myş-myşlar ýaýrapdy. Onuň nägileliginiň sebäbi, ssenariniň Nik Pissolatto tarapyndan ýazylan öňki wariantynda Bleýdiň keşbi ikinji plana geçirilýärdi. Ýöne, Griniň warianty aktýory kanagatlandyran bolara çemeli.
Ähli kynçylyklara garamazdan, "Bleýd" Marveliň soňky ýyllardaky iň gyzykly taslamalarynyň biri boljakdygyny wada berdi. Film R derejesine eýe bolar we býujeti 100 million dollardan az bolar.
Bleýd hakyndaky ilkinji film 1998-nji ýylda çykdy we Marvel-iň komiksleriniň ilkinji şowly ekranlaşdyrylmasy boldy. Onda we ondan soňky iki filmde baş keşbi  Wesli Snaýps ýerine ýetirdi.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....