Lýuk Besson Brem Stokeriň meşhur «Drakula» romany esasynda film surata düşürer

  • 20.02.2024 08:06
  • 3.2k+

Fransuz režissýory Lýuk Besson meşhur «Drakula» romany esasynda film surata düşürer. Bu barada lenta.ru «Deadline» neşirine salgylanyp habar berýär.

Graf Drakulanyň galasyna düşýän hukukçy Jonatan Harkeriň keşbini 34 ýaşly Kaleb Lendri Jons ýerine ýetirer. Ikinji esasy keşbi Kristof Wals janlandyrar, ýöne munuň meşhur wampiriň keşbi bolup-bolmajakdygy heniz belli däl. Çeşmeler Bessonyň romany Drakulanyň söýgi hekaýasyna gönükdirip, filme uýgunlaşdyrjakdygyny aýdýarlar. Filmiň surata düşürilişiniň 2024-nji ýylda başlamagyna garaşylýar.
Irlandiýaly ýazyjy Brem Stokeriň «Drakula» romany 1897-nji ýylda neşir edildi we okyjylaryň arasynda uly üstünlik gazandy. Kitap «wampir mifiniň» meşhurlygyny artdyrmakda örän täsirli bolupdyr. Netijede, Drakula ýa-da onuň keşbinden ylham alnyp döredilen wampir gahrymanlary barada elli töweregi film surata düşürildi.

düýn 21:46
3.2k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....

düýn 17:15
1.4k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

düýn 16:54
4.2k+

Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda......

düýn 16:13
6.5k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ sargyt esasynda awtobus hyzmatlaryny hödürleýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk edaralary we raýatlar üçin awtobuslary sargyt etmek hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berdi....