Režissýor Kristofer Nolan gorkunç film döretmek isleýändigini aýtdy

  • 20.02.2024 07:52
  • 3.7k+

Kinorežissýor Kristofer Nolan özüni täze žanrda - horrorda synap görmek islegini paýlaşdy. ComingSoon-yň habaryna görä, ol muny 14-nji fewralda Britaniýanyň  film instituty (BFI) tarapyndan gurnalan kino pudagynyň şahsyýetleri üçin her ýyl geçirilýän çärede aýtdy.

Nolan: "Men höwes bilen gorkunç film düşürerdim. Dogry, munuň üçin, hakykatdanam, öňdebaryjy pikirler gerek. Olar bolsa gaty az. Entek muňa laýyk boljak waka tapdyraýanok. Gorkunç filmler – bu kinematografyň gözi bilen seredeňde diýseň gyzykly žanr" - diýdi.
Şeýle hem režissýor özüniň soňky "Oppengeýmer" filminde horroryň usullarynyň bardygyny aýtdy.

"Meniň pikirimçe, bu elementler filmiň sýužetine doly laýyk gelýär" – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Kristofer Nolan döwrümiziň iň meşhur we üstünlikli režissýorlaryndan biridir. Onuň “Başlangyç”, “Garaňky rysar”, “Interstellar”, “Dýunkerk” we “Oppengeýmer” ýaly filmleri tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....