OnePlus smartfonyň beýanyndaky ýalňyşlyk sebäpli ulanyjylara öwez tölegini tölär

  • 19.02.2024 08:35
  • 8.7k+

«OnePlus» 256 GB ýady bolan täze «OnePlus 12R» smartfonyny satyn alanlar üçin öwez tölegi (kompensasiýa) maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi. Bu barada «Mobiltelefon» portaly «OnePlus-yň» wekiliniň kompaniýanyň forumynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.

Öwez töleginiň tölenmegi kompaniýanyň web sahypasynda «OnePlus 12R» smartfonynyň ýadynyň nädogry görkezilmegi – UFS 3.1 ýerine UFS 4.0 diýlip bellenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Tanyşdyrylyş dabarasyndan gysga wagt soň kompaniýa ýalňyşlygy ýüze çykardy we web sahypa üýtgetmeler girizdi. Şeýle-de bolsa, ilkinji alyjylar enjamdan başga aýratynlyklara garaşýardylar.
Öwez tölegi maksatnamasy 2024-nji ýylyň 16-njy martyna çenli hereket eder. Onda serişdeleri yzyna gaýtaryp bermek we «indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak» mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Munuň üçin müşderiler hereket edýän kepillik talony we kwitansiýasy bilen iň ýakyndaky «OnePlus» kompaniýasynyň hyzmat ediş merkezine barmaly.
«OnePlus 12R» fewral aýynyň başynda tanyşdyryldy. Smartfon geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi we 50 MP esasy datçigi bolan üç kamera bilen üpjün edildi. 16/256 GB ýady bolan nusganyň bahasy Ýewropada 699 funt.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....