Nikolas Keýj Amazon serialynda Möý-adamyň nuar-wersiýasyny janlandyrar

  • 19.02.2024 08:34
  • 6.2k+

Nikolas Keýj Amazon Prime Video-da çykjak täze “Möý-adam: Nuar” laýw-ekşn serialynyň ýyldyzy bolup biler. TheDirect muny Ankler-e salgylanyp habar berýär.

Taslamada wakalar 1930-njy ýyllarda Nýu-Ýorkda ýaýbaňlanýar.
Muşdaklaryň söýgüsini gazanan “Möý-adam: Älemler içre” multfilminde Keýjiň bu keşbi janlandyrmakda eýýäm tejribesi bar.
“Möý-adam: Nuar” Prime Video üçin işlenip düzülen iki sany “Möý-adam” serialynyň biridir. Ikinjisine - “Ýüpek: Möýler jemgyýeti”-ne 2023-nji ýylda Golliwudyň ssenariçileriniň iş taşlaýyşlary sebäpli arakesme berildi.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....