Apple eplenýän ekranly iPhone döretmek işini togtatdy

  • 19.02.2024 08:32
  • 9.8k+

Synag enjamy hatardan çykansoň, «Apple» kompaniýasy eplenýän «iPhone» smartfonyny döretmek işini togtatdy. Bu barada «MacRumors» portaly habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, synag maksatly eplenýän «iPhone» smartfonynyň ekrany birnäçe günlük synagdan soň hatardan çykdy, bu bolsa «Apple-i» kompaniýanyň standartlaryna laýyk gelýän displeý döredilýänçä taslamany yza süýşürmäge mejbur etdi.
Bellenilmegine görä, «Apple» 2016-njy ýyldan bäri çeýe displeýli «iPhone» döretmegiň üstünde işleýär. Bu döwürde kompaniýa «Samsung» we «LG» ekranlaryny synagdan geçirdi. Şeýle hem ozal «Apple» kompaniýasynyň iki eplenýän «iPhone» smartfonynyň birbada iki sany prototipiniň üstünde işleýändigi habar berlipdi.
Bu çözgüdiň çeýe «iPad» öndürmek bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkin. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, «Apple» eplenýän planşet döretmek bilen has gyzyklanýar, sebäbi şeýle enjama tehniki talaplar «iPhone-dan» has pes bolar.
Fewral aýynda «The Elec» neşiri «Apple» kompaniýasynyň 7-8 dýuým ekranly ilkinji eplenýän enjamy döretmegi göz öňünde tutýandygyny, onuň «iPad mini-niň» ornuny tutup biljekdigini habar beripdi.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...