Will Smit ençeme wagtlyk arakesmeden soň täze rola eýe boldy

  • 18.02.2024 18:42
  • 17k+

Aktýor Will Smit “Sugar Bandits” (“Şeker talaňçylary”) kriminal filminde baş keşbe eýe boldy. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

55 ýaşly aktýor Yrakda Nil Meýwen atly uruş weteranynyň keşbini ýerine ýetirer. Sýužet boýunça Meýwen Bostonyň neşe söwdasyna garşy gönükdirilen beýleki harby weteranlar bilen bileleşik döredýär.
Filmdäki keşp Smit üçin 2022-nji ýyldaky “Azat ediş” (“Emancipation”) filmindäki keşbinden bäri ilkinji uly taslama boldy.
“Sugar Bandits” filminiň ssenariýalary Çak Hoganyň 2010-njy ýyldaky “Sürgündäki melgunlar” kitabyna esaslanýar. Taslama on ýyldan gowrak wagt bäri işlenilýär, sebäbi kitabyň ekranlaşdyrylmasy ilkibaşda 2013-nji ýylda Universal kompaniýasyna teklip edildi.


08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...