Dünýäde ýene bir nebit gazyp alyjy ýurt peýda bolup biler

  • 18.02.2024 18:40
  • 33k+

Somali 2024-nji ýylda öz çäginde taryhynda ilkinji nebiti gazyp almagy göz öňünde tutýar. Bu barada Somaliniň nebit we mineral baýlyklary ministri Abdirizak Omar Mohamede salgylanyp, Garowe portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Iş Galmudug, Günorta-Günbatar we Jubalend ştatlaryndaky ýataklarda alnyp barlar. Geoseýsmik gözleglere görä, Somaliniň potensial nebit we tebigy gaz gorlary, takmynan, 30 mlrd barrele barabardyr.
Somaliniň häkimiýetleri Coastline Exploration amerikan kompaniýasy bilen nebit gorlaryny işlemek barada heniz 2022-nji ýylda şertnama baglaşdylar. Şertnama amerikaly kompaniýa Somali şelfiniň ýedi blogunda nebit gözlegini geçirmek hukugyny berýär.
2023-nji ýylyň iýul aýynda dünýäde çykarylýan nebit gorlary 1,62 trln barrel bilen bahalandyryldy. Ýangyç ätiýaçlyklary boýunça dünýä lideri 271 mlrd barrel bilen Saud Arabystanydyr. Ikinji orunda 192 mlrd barrel bilen ABŞ ýerleşýär. Üçlügi 143 mlrd barrel bilen Russiýa jemleýär.


08.06.2026 19:01
4.4k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...