Microsoft nerw ulgamy tarapyndan döredilen "kemsidiji mazmuna" garşy nähili göreşjekdigini düşündirdi

  • 18.02.2024 15:26
  • 4.7k+

Microsoft-yň prezidenti Bred Smit emeli aňyň döredýän kemsidiji mazmunyna garşy göreşmegiň meýilnamasyny yglan etdi.

Ol birnäçe möhüm ugry görkezdi. Kompaniýa jedelli we kemsidiji mazmuny petiklemek üçin takyk süzgüçleri taýýarlamagy dowam etdirer.
Düzgünleri bozan ulanyjylar petiklener.
Şeýle-de, döredilen mazmuny bellemek ulgamy hem ornaşdyrylýar. Korporasiýa eýýäm ony Microsoft Designer, Bing we Copilot ýaly önümlerde ulanýar. Geljekde bu tejribäni giňeltmek meýilleşdirilýär.
Geljekde kompaniýa beýleki pudak wekilleri we hukuk goraýjy edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmekçi. Şeýle hem, Smit jemgyýete döredilen mazmuny hakyky mazmundan tapawutlandyrmagy öwretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Smit gündelik durmuşda neýrosetiň has köp ulanylýandygyny we eger  düzgünleşdirilmese, onuň aldaw, gorkuzmak we hile gurmak üçin täze gural bolup biljekdigini aýtdy.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
988

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

07.03.2026 17:10
960

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...