Samsung Galaxy S24 düýpli kamera täzelenmesini aldy

  • 18.02.2024 15:25
  • 14k+

Samsung suratyň we wideonyň hilini ýokarlandyrýan hem-de täze aýratynlyklary goşýan Galaxy S24 smartfonlary üçin kamera täzelenmesini çykardy diýip, digitaltrends habar berýär.

Kompaniýa has dury, ýalpyldysyz şekilleri almaga mümkinçilik berýän ýagty  yşykda surata alnyşyny gowulandyrdy. Ýakynlaşdyrma wagtynda tekst has düşnükli görnüp başlady. Wideonyň hili has akgynly we jikme-jik boldy.
Içerde düşürilýän portretler hem has gowulaşdy, ýüzler has aýdyň görünýär we kölegeler bolsa has ýagtylýar.
Şeýle hem, täzelenme naharlaryň suratyny has doýgun we janly edýän täze Food Mode Fiesta režimini öz içine alýar.
Şeýle hem, işläp düzüjiler has takyk doýgunlygy we ak reňkiň deňagramlylygyny gazanyp, gijeki surata düşürişi gowulandyrdylar.
Mundan başga-da, kamera suratlary üçin Expert RAW -da täze DNG Galereýa formaty hödürlenýär, bu bolsa gaýtadan işlemek üçin has giň mümkinçilikleri açýar.
Şeýle hem, kompaniýa täzelenmä çalt hereket edýän obýektleriň has dürs fokusly we jikme-jiklikleri bilen surata düşürilmegini, şeýle hem surat režiminde optimal täsir we reňk görnüşini goşdy.
Täzelenme ähli Galaxy S24 modelleri: S24, S24 + we S24 Ultra üçin elýeterlidir.
Samsung bu täzelenmäniň ulanyjylara ýokary hilli suratlary we wideolary döretmek üçin has köp saýlaw we mümkinçilik berjekdigini wada edýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...