iOS-da ulanyjylaryň biometrik maglumatlaryny ogurlaýan troýan peýda boldy

  • 18.02.2024 15:23
  • 4.9k+

Group-IB-iň kiberhowpsuzlyk hünärmenleri iOS üçin GoldPickaxe.iOS atly täze troýan tapdy. “Helpnetsecurity”-niň habar bermegine görä, ol bank troýanlary bilen tanalýan haker tarapyndan işlenip düzüldi.

GoldPickaxe.iOS biometrik maglumatlary (Face ID we Touch ID), şahsyýetnamalary (pasport maglumatlary, sürüjilik şahadatnamasy), SMS habarlary, tassyklama kodlaryny we parollary ogurlamaga ukyply.
Bu kezzaplygyň täze usuly. Päliýamanlar ogurlanan maglumatlary pidanyň ýüzüni özüniňkä çalyşmak we bank hasaplaryna girmäge elýeterlilik döretmek üçin ulanyp bilerler.
Troýan döwlet hyzmatlarynyň - banklaryň, döwlet hyzmatlarynyň goşundylary hökmünde gizlenýär we, esasan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde: Tailandda, Wýetnamda ýaýradylýar.
Hünärmenler munuň iOS ykjam operasiýa ulgamyny nyşana alýan zyýanly programma üpjünçiliginiň seýrek ýagdaýdygyny bellediler.
Group-IB ygtybarly parollary we iki faktorly autentifikasiýany ulanyp, resmi däl çeşmelerden programmalary ýükläp almazlygy maslahat berýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...