Nvidia ABŞ-da bazar bahasy boýunça üçünji orna geçdi

  • 17.02.2024 23:47
  • 3k+

Amerikanyň Nvidia tehnologiýa korporasiýasy ABŞ-da bazar bahasynyň möçberi boýunça iň uly kompaniýalaryň arasynda üçünji orna çykyp, bu orundan Alphabet-i süýşürdi. Bir gün öň bolsa Nvidia dördünji orundan Amazon kompaniýasyny gysyp çykaryp, ýigrimi ýylda ilkinji gezek ondan öňe geçdi. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.

Çarşenbe güni geçirilen söwdada Nvidia-nyň paýnamalary 2,46% ýokarlandy. Netijede, kompaniýanyň bazar bahasy 1,825 trln dollara ýetdi. Alphabet-iň bazar bahasy 1,821 trln dollara barabar boldy. Geçirilen söwdanyň jemi boýunça Amazon-yň kapitalizasiýasy 1,776 trln dollara ýetdi. Nvidia emeli aň tehnologiýalary üçin ýokary öndürijilikli çipleriň bazarynyň, takmynan, 80%-ine gözegçilik edýär. Emeli aňyň ösýän döwründe ýarym geçirijilere bolan islegiň artmagy sebäpli geçen ýyl Nvidia-nyň paýnamalary üç esse gymmatlady, şu ýylyň başyndan bäri bolsa ýene 50% ýokarlandy.
ABŞ-da we dünýäde birinji hem ikinji orunlary Microsoft ($3 trln) we Apple ($2,8 trln) saklaýar. Dünýäde bazar bahasy boýunça üçünji orny $2 trln bilen Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet kompaniýasy eýeleýär.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......