Airbus 2023-nji ýylda uçar üpjünçiligi boýunça bäşinji gezek Boeing-den öňe geçdi

  • 17.02.2024 23:45
  • 8.9k+

Ýewropanyň Airbus aerokosmos korporasiýasy 2023-nji ýylyň dördünji çärýegi we tutuş ýyl üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Dördünji çärýekde korporasiýanyň girdejisi 11% ýokarlanyp, 22,9 mlrd ýewro barabar boldy. Arassa girdeji 13%, 1,5 mlrd ýewro çenli azaldy. 2023-nji ýylda hem konserniň girdejisi 11% ýokarlanyp, 65,5 mlrd ýewro boldy. Arassa girdeji 11% azalyp, 3,8 mlrd ýewro barabar boldy diýip, kommersant.ru habar berýär.

Düşewündiň azalmagy kosmos enjamlaryny öndüriji bölümçe bilen baglanyşykly hasapdan aýrylmalar sebäpli boldy. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda esasy işden alnan operasion girdeji 4%, 5,8 mlrd ýewro çenli artdy. Airbus şu ýyl onuň 6,5 – 7 mlrd ýewro ýetmegine garaşýar. Girdejiniň we operasion girdejiniň ýokarlanmagy sargyt edilen we gowşurylan uçarlaryň ep-esli artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bir ýylda Airbus tas 2094 uçar üçin sargyt aldy – 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 155% ösüş. Kompaniýa sargyt edijilere 735 uçar iberdi – bir ýyl ozalkydan 11% köp.
Şeýlelikde, Airbus uçar üpjünçiligi boýunça yzygider bäşinji gezek esasy bäsdeşi Boeing-den öňe geçdi. Boeing 2023-nji ýylda 528 uçar iberdi we 1576 uçar üçin sargyt aldy. Kompaniýa ýyly 2,2 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. 


08.06.2026 13:03
3.3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

27.01.2026 18:14
7.7k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.7k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.8k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...