Günde magnit hadysasyna getirip biljek güýçli tolgunma bolup geçdi

  • 17.02.2024 12:20
  • 15k+

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Günüň ýüzünde X2.5 klasa degişli kuuwatly tolgunma bolup geçdi. Bu klas öz kategoriýasynda iň ýokarysydyr. Bu barada TASS agentligi Amaly geofizika institutynyň Geliogeofizika gullugyna salgylanyp habar berdi.

Aşgabat wagty bilen 11:53-de hasaba alnan tolgunma 16 minut dowam etdi we radioşöhlelenme hem-de radioaragatnaşyk-kommunikasiýa ulgamlarynyň bozulmagyna getirdi.
Ýeriň ionosferasyna täsir derejesi bäş derejeli şkalada R3 (güýçli) derejäni görkezdi. R5 - ekstremal dereje. Häzirki wagtda ol R1 (gowşak) derejä çenli aşak düşdi. 
Gün şöhlelenmeleri A, B, C, M we X klaslara bölünýär.
X – iň kuwwatly klas. A0.0 minimal klas Ýeriň orbitasynda 1 inedördül metre 10 nWt şöhlelenme kuwwatyna deň. Indiki harpa geçende kuwwatlylyk 10 esse artýar.
Tolgunma netijesinde Günde plazma buludy emele gelip biler, ol Ýere aralaşyp, magnit hadysasyny döredip biler.
Magnit hadysalary adamlaryň özüni duýşuna, elektrik enjamlaryň we hemra ulgamlarynyň işine täsir edip bilýär.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.8k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......