Ýewropa ligasynyň ilkinji geçiş oýunlaryna syn

  • 16.02.2024 13:27
  • 7.4k+

15-nji fewralda we 16-njy fewrala geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ilkinji geçiş oýunlary geçirildi. Toparlar 1/8 finala çykmak ugrunda göreşdiler. Bu tapgyrda Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ikinji orunlaryň sekiz eýesi Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda  üçünji orunlaryň sekiz eýesine garşy oýnaýarlar.

Esasy wakalar:

  • “Şahtýor” (Ukraina) – “Olimpik Marsel” (Fransiýa) 2:2: Hasaplar oýnuň ikinji ýarymynda açyldy. “Olimpigiň” hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynda 30-njy goluny girizip, ýaryşyň taryhynda iň köp gol girizen oýunçy hökmünde Radamel Falkao bilen deňleşdi.
  • “Braga” (Portugaliýa) – “Karabah” (Azerbaýjan) 2:4: Zubiriň iki goly we Ýankowiç hem Žuninýonyň gollary “Karabaha” uly ýeňiş getirdi.
  • “Feýenoord” (Niderlandlar) – “Roma” (Italiýa) 1:1: Lukaku arakesmeden soň hasaby deňledi, ýöne “Feýenoord” goşmaça wagtda ýeňiş gazanyp bilerdi (rimlileri ştanga halas etdi).
  • “Galatasaraý” (Türkiýe) – “Sparta” (Çehiýa) 3:2: Ikardi goşmaça wagtda ýeňiş goluny geçirdi. Toparlaryň ikisi-de oýnuň ikinji ýarymynda on bolup oýnadylar.
  • “Milan” (Italiýa) – “Renn” (Fransiýa) 3:0: Loftus-Çikiň iki goly we Leauwyň goly “Milana” ýeňiş getirdi.
  • “Ýang Boýz” (Şweýsariýa) – “Sporting” (Portugaliýa) 1:3: “Sporting” arakesmeden soň üç jogapsyz goly geçirdi.
  • “Benfika” (Portugaliýa) – “Tuluza” (Fransiýa) 2:1: Di Mariýa iki penaltini ýerine ýetirdi, “Benfika” Ýewropa ligasynda öz meýdançasynda utulman gelýär – 21 ýeňiş we bäş deňme-deňlik.
  • “Lans” (Fransiýa) – “Fraýburg” (Germaniýa) 0:0: “Lans” ýewrokuboklaryň 37 öý oýnunda ilkinji gezek gol geçirip bilmedi.

Jogap oýunlary 22-nji fewralda geçiriler.
Ýatlap geçsek, çykyş goly düzgüni ýatyryldy. Geçiş oýunlaryň ýeňijileri 1/8 finalda Ýewropa ligasynyň toparlarynyň ýeňijilerine goşular. Bu tapgyryň bije çekişigi 23-nji fewralda geçiriler. Utulanlar ýewrokuboklardan çykýar.

1/8 finalda birinji sebetde ýerleşdirilen toparlar:

  • “Atalanta” (Italiýa)
  • “Baýer” (Germaniýa)
  • “Braýton” (Angliýa)
  • “West Hem” (Angliýa)
  • “Wilýareal” (Ispaniýa);
  • “Liwerpul” (Angliýa);
  • “Reýnjers” (Şotlandiýa);
  • “Slawiýa” Praga (Çehiýa).

şu gün 16:18
5.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....