Jennifer Lopez dokumental film çykarar

  • 16.02.2024 13:18
  • 8.3k+

Amerikaly aýdymçy we aktrisa Jennifer Lopez geljekki This Is Me... Now albomynyň we This Is Me... Now: A Love Story kinokartinasynyň üstündäki işler barada dokumental film çykarar. Bu barada Rolling Stone portalyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Kinolentany Amazon MGM Studios hödürlär. Kartina The Greates Love Story Never Told adyny aldy, onuň relizi 27-nji fewrala meýilleşdirilýär.
Kinolenta Lopeziň “iň batyrgaý taslamasyny: onuň özüne bolan söýgä tarap 20 ýyllyk ýoluny öwrenýän täze albomynyň we filminiň garaşsyz önümçiligini durmuşa geçirmäge nähili synanyşyk edýändigi barada gürrüň berer. Şeýle-de, tomaşaçylara “açyk maşgala pursatlarynyň” bolmagy wada berilýär.
Öň habar berşimiz ýaly, This Is Me... Now albomy This is Me... Then albomynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu albom aýdymçynyň soňky 10 ýylda ilkinji studiýa albomy boldy. Albomdan ilkinji aýdym Can’t Get Enough şu ýylyň 10-njy ýanwarynda çykdy.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....