Marvel “Fantastiki dörtlügiň” çykjak senesini we aktýorlar düzümini mälim etdi

  • 16.02.2024 13:16
  • 7.3k+

Marvel studiýasy X sosial ulgamynda “Fantastiki dörtlük” filminiň aktýorlar düzümini we çykjak senesini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, Rid Riçardsyň super gahrymanlar toparynyň lideri roluny “Emmi” baýragyna üç gezek dalaşgär Pedro Paskal ýerine ýetirer. “Täjiň” ýyldyzy Wanessa Kirbi filmde Sýu Ştormyň (Göze görünmeýän zenan) keşbinde çykyş eder. “Örän täsin işler” serialynyň netijesinde meşhurlyga eýe bolan aktýor Jo Kuinn bolsa Jonni Ştorm (Fakel adam) bolar, “Jezalandyryjy” (“The Punisher”) üçin “Emmi” baýragyna mynasyp bolan Ebon Moss-Bakrak hem Ben Grimmiň (Jandar) keşbini oýnar.
“Fantastiki dörtlügiň” premýerasy 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyna meýilleşdirilýär, filmiň surata düşürilişi 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde başlar. Režissýor hökmünde Mett Şekman çykyş eder.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....