Samsung Galaxy S24 hatarynyň smartfonlary üçin uly täzelenmäni çykarar

  • 16.02.2024 13:23
  • 9.1k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S24 hatarynyň täze flagmanlary üçin programma üpjünçiliginiň uly täzelenmesini resmi taýdan anons etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär. Apdeýt eýýäm fewral aýynda çykar we köp sanly kemçilikleri düzeder: aýratynam, ekran Vivid režiminde has ýagty we doýgun bolar (häzir Vivid bilen Normal-yň arasynda hiç hili tapawut ýok we bu programma üpjünçiliginiň kemçiligidir).

Şeýle-de, Samsung täzelenmede zumy, portret režimini, gijeki surata düşüriş režimini, esasy kamera bilen wideo düşürişi kämilleşdirer.

“Siziň [ulanyjylaryň] seslenmelerine esaslanyp, biz öňümizdäki täzelenmede displeý we kamera sazlamalarynyň giňeldilen mümkinçiliklerini hödürläris, bu enjam we programma üpjünçiligini birleşdirmek tagallalarynyň kömegi bilen mümkin boldy” – diýip, Samsung habar berdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...