2014-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly ýapon awtoulagy diýlip ykrar edildi

  • 16.02.2024 14:11
  • 43k+

J.D. Power we HotCars tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, 2014-nji ýylda çykan Toyota Camry şu wagta çenli goýberilen ýapon awtoulaglarynyň arasynda ygtybarlylygy boýunça iň ýokary baha eýe boldy.

Gözlegiň dowamynda ýapon awtoulag modelleri we olaryň soňky iki onýyllygyň dowamynda J.D. Power hili we ygtybarlylyk derejeleri seljerildi.
Şonuň ýaly-da, su aşakdaky faktorlar göz öňünde tutuldy:

  • - tehniki hyzmat üçin ýyllyk çykdajylar (RepairPal-dan);
  • - hyzmat üçin 10 ýyllyk çykdajylar (CarEdge-den);
  • - Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugyndan (NHTSA) yzyna çagyryşlar hakyndaky maglumatlar;
  • - KBB-dan we Edmunds-dan sarp edijileriň seslenmeleri;
  • - Ulanylan awtoulaglaryň bahasy (KBB-den).

2014-nji ýylyň Toyota Camry-si mümkin bolan 100 baldan 92 bal gazanyp, ygtybarlylygy üçin ýokary baha alan Lexus IS 2022-den we  Toyota Corolla 2019 ýaly modellerden ozdurdy.
Orta hasap bilen, 2014-nji ýylda çykan Toyota Camry-niň eýeleri tehniki hyzmat üçin ýylda 387 dollar sarp edip, bu bolsa onuň diňe bir ygtybarly ulag däl, eýsem tygşytlydygyny hem aňladýar.

Ýaponiýanyň iň ygtybarly 10 awtoulagynyň sanawy:

  1. Toyota Camry 2014 - 92/100
  2. Lexus IS 2022 - 92/100
  3. Toyota Corolla 2019 - 92/100
  4. Toyota Prius 2015 - 88/100
  5. Mazda MX-5 Miata 2008 - 86/100
  6. Honda Fit / Honda Jazz 2017 - 85/100
  7. Honda Accord 2016 - 84/100
  8. Mazda 6 2017 - 84/100
  9. Mazda 3 2010 - 83/100
  10. Honda Civic 2009 - 83/100

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......