Nobat hususyýetçilere ýetdi. “Odisseý” moduly Aýa syýahatyna başlady

  • 16.02.2024 13:29
  • 4.1k+

15-nji fewralda SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy Hýustonda ýerleşýän Intuitive Machines hususy kompaniýasy tarapyndan gurlan Nova-C “Odissey” Aýa gonuş modulyny orbita üstünlikli çykardy. Bu barada Bloomberg gullugy habar berdi.

Aýa gonuş 22-nji fewrala meýilleşdirilýär. Şowly bolsa, bu Amerikanyň kosmos gämisiniň 52 ýyldan soň hemra ilkinji gonuşy bolar.
Modul traýektoriýany düzetmek üçin üç sany manýowr eder. Hemranyň ýüzüne düşmek 24 kilometrlik Malapert A. kraterinde meýilleşdirilýär. Bu taryhda iň günorta nokada gonuş bolar.
“Artemida” maksatnamasynyň çäginde, geljekde adamy Aýa gondurmak üçin “Odisseýiň” aňtaýjy bolup hyzmat etmegine garaşylýar.
Intuitive Machines kompaniýasynyň dünýäde modulyny Aýyň üstünde ýerleşdiren ilkinji hususy kompaniýa bolmagyna garaşýar.
Bu modulda NASA-nyň 6 guraly we birnäçe hususy ýük göterijileri bar.
Intuitive Machines-iň Aýdaky ilkinji işi şowly bolsa, ýene iki modul iberiler.
Şeýle hem bu kompaniýa Aýyň orbitasynda hemralaryň nawigasiýa-maglumat toparyny döretmegi we beýleki birnäçe aý taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.


şu gün 10:51
374

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.5k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......