2023-nji ýylda Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy rekord görkezijä eýe boldy

  • 16.02.2024 12:11
  • 4.8k+

Geçen ýyl Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,3 milliard dollara ýetdi we bu Respublikanyň Garaşsyzlygyny alanyndan bäri iň ýokary görkezijidir. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji takmynan 14% ýokarlandy.

Şeýle görkezijiler surma, mis we beýleki metallaryň, şeýle hem dokma önümleriniň, içgileriň, gurluşyk boýaglarynyň, kagyz we karton önümleriniň eksporty netijesinde gazanyldy. Şeýle hem Respublika  esasan ulag serişdeleri we nebit önümleri getirildi. Elbetde, kabul edilen salgyt we gümrük ýeňillikleri hem täsir etdi, bu bolsa häzirki zaman enjamlary bilen täze kärhanalary döretmäge mümkinçilik berdi.
Söwda dolanyşygynyň şeýle görkezijileri netijesinde Täjigistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi hem artdy. Hakyky ösüş depgini 8%-den gowrak boldy.


şu gün 10:04
4.2k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......