NFL-iň finalynyň ýaýlyma goýberilişi ABŞ-da adamyň Aýa gonanyndan bäri iň meşhur ýaýlym boldy

  • 15.02.2024 18:39
  • 5.7k+

Super Bowl-2024 Amerikanyň telewideniýesiniň taryhyna girdi we adamyň Aýa gadam basanyndan bäri iň köp tomaşa edilýän ikinji ýaýlym boldy diýip Deadline habar berýär.

Milli Futbol Ligasynyň (Amerikan futboly) “Kanzas-Siti Çifs”-iň “Filadelfiýa Iglz”-i 38-35 hasabynda ýeňen soňky oýny 123,4 million tomaşaçyny özüne çekdi.
Bu diňe bir NFL-niň ähli 58 finalynyň arasynda iň köpi bolman, eýsem soňky 40 ýylda iň ýokary görkeziji.
2024-nji ýyldaky Super kubogyň üstünligi ýyldyzlardan ybarat düzümi, Teýlor Swiftiň töweregindäki gyzykly sýužet we söýgi gatnaşyklary bilen baglanyşykly hasap edilýär.
“Çifs”-iň oýunçysy Trewis Kelsi bilen duşuşýan meşhur aýdymçy toparyň hakyky tumaryna öwrüldi. Onuň münberde bolmagy diňe bir oýna bolan gyzyklanmany artdyrman, eýsem CBS-ni rekord mukdardaky diňleýjiler bilen üpjün etdi.
Oýunda arakesmesi wagtynda esasy gahrymany Aşer bolan şüweleň hem tankytçylaryň ýokary öwgüsine eýe boldy.
1969-njy ýylda ilkinji kosmonawtyň Aýa gondurylyşynyň ýaýlymda  görkezilişine ABŞ-nyň 125-150 million ilatynyň tomaşa edendigini bellemelidiris.


düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....