"Çozuş" dowam edýär: Apple özge dünýäden gelenler baradaky serialyny üçünji möwsüme uzaltdy

  • 15.02.2024 16:06
  • 8.4k+

“Variety” neşiri Apple-iň “Çozuş” ylmy-fantastiki serialyny üçünji möwsüme uzaltmak kararyna gelendigini habar berdi. Görnüşi ýaly, taslama reýting we tomaşalar taýdan-da gowy netijeleri görkezýär diýip, championat.com belleýär.

“Çozuş” özge dünýäden gelenleriň Ýere çozuşyna bagyşlanan serialdyr. Ol adamlaryň planetanyň dürli künjeklerinde hüjümleri nähili başdan geçirýändigini görkezýär.
Serialyň şourannerleri hökmünde Dewid Weýl we Saýmon Kinberg çykyş edýär. Kinberg üçünji möwsümiň öňki möwsümlerden has göwrümli boljakdygyny belledi.
Ilkinji iki möwsüme Apple TV+ hyzmatynda tomaşa etmek bolýar. Birinji möwsümiň premýerasy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy. Ikinji möwsüm 2023-nji ýylyň awgust aýyndan oktýabr aýyna çenli dowam etdi. Üçünji möwsümiň surata düşürilişi fewral aýynyň ahyrynda başlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...