Terjimeçi, söhbetdeş, kömekçi. Samsung we Google geljegiň nauşniklerini döredýär

  • 15.02.2024 16:02
  • 5.5k+

Samsung Electronics we Google tehnologiýa ägirtleri bir wagtda diýen ýaly nauşniklere emeli aň funksiýasyny goşup, olaryň ulanylyşynda rewolýusiýany geçirmek kararyna geldiler.

Şeýlelikde, Samsung öz nauşnikleri üçin internete birikmezden hakyky wagtda göni gepleşigi sinhron terjime etmäge mümkinçilik berýän Live Translate funksiýasy bilen täzelenme hödürledi diýip, 91mobiles.com portaly habar berýär.
Funksiýa Galaxy Buds 2 Pro, Galaxy Buds 2 we Galaxy Buds FE nauşniklerinde Galaxy S24 smartfonlarynyň eýelerine elýeterli bolar. Ony ulanmak üçin Galaxy Buds programmasyny täzelemeli bolar. Funksiýanyň işe giriziljek senesi heniz belli däl.
Başlangyç tapgyrda terjimeçi diňe iňlis, ispan, fransuz, italýan, hytaý, ýapon we koreý dillerini goldaýar.
Şol bir wagtyň özünde Google hem nauşniklere öz täze Gemini çat-botyny birikdirmäge taýýarlanýar. Bu emeli aň modeli Google Assistant bilen deňeşdirilende has ösen funksiýalara eýedir diýip, 9to5google belleýär.
Bellenilişi ýaly, geljekde emeli aňly nauşnikler diňe bir terjimeçi hökmünde adamlara dürli dillerde gatnaşmaga kömek etmän, eýsem akylly söhbetdeş bolup, ulanyjylara işleri meýilnamalaşdyrmak, söwda etmek we maglumat gözlemek ýaly dürli işlerde kömek eder.


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....