Beýonse täze albomyny anons etdi we ilkinji iki aýdymyny çykardy

  • 14.02.2024 15:09
  • 8.3k+

Aýdymçy Beýonse täze Act II albomyny anons etdi. Onuň relizi 29-njy marta meýilleşdirilýär. Bu barada The New York Times neşirine salgylanyp, life.liga.net habar berýär.

Act II Beýonseniň sekizinji albomy we birinji bölümi 2022-nji ýylyň iýul aýynda çykan Renaissance trilogiýasynyň ikinji bölümi bolar. Anonsdan soň Beýonse Texas Hold ’Em we 16 Carriages ady bilen iki sany täze aýdym çykardy.
Texas Hold ’Em aýdymy kanadaly artist Lowell bilen bilelikde ýazyldy, prodýuserlik işine we instrumental bezege bolsa Riannon Giddens, Rafael Saadik, Hit-Boy, Natan Ferraro, Killah B gatnaşdy. 16 Carriages aýdymyny ýazmaga Deýw Gemellin, Gewin Uilýams, Jastus West, Rafael Saadik gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, Beýonse Renaissance albomynyň üstündäki işi üçin dört sany “Gremmi” baýragyny aldy. 

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....