Denzel Waşington ýapon klassiki trilleriniň remeýkinde oýnar

  • 14.02.2024 01:10
  • 5.9k+

Golliwudyň iň abraýly we üstünlikli aktýorlaryndan biri bolan Denzel Waşington Akira Kurosawanyň “Jennet we dowzah” atly klassiki filminiň gaýtadan surata düşürilen “Beýiklik we peslik” atly trillerinde baş keşbi janlandyrar. Taslama Waşingtonyň eýýäm bäş filmde bilelikde işleşen kärdeşi Spaýk Li režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär.

Filmde oglunyň alnyp gaçylandygy we oňa uly töleg talap edilendigi habar berlende, kyn ýagdaýa düşen telekeçiniň başdan geçiren wakasy gürrüň berilýär. Emma tizara ogrularyň ýalňyşyp, telekeçiniň sürüjisiniň ogluny alyp gidendikleri aýan bolýar. Telekeçi durmuşyna täsirini ýetirip biljek aýgytly karara gelmeli: öz maddy abadançylygyňy orta goýup, töwekgelçilik etmek bilen başga biriniň çagasyny halas etmelimi ýa-da wyždanyňy ýitirip, tölegi tölemekden ýüz öwürmelimi.
“Beýiklik we peslik” filmi Ed Makbeýniň Kurosawanyň filmine esas bolup hyzmat eden “Kingiň  tölegi” romanynyň edebi ýazgysy esasynda surata düşüriler. Film Studio A24 we Apple Original Films tarapyndan öndüriler we paýlanar. Filmi şu ýylyň mart aýynda surata düşürip başlamak meýilleşdirilýär.


düýn 19:53
1.8k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......