Google maglumatlaryň syzmagy bilen bagly kazyýete berilmekden gaça durmak üçin ulanyjylara 350 million dollar töleýär

  • 14.02.2024 00:00
  • 5k+

Google 2019-njy ýylda ýapylan Google+ sosial ulgamynyň ulanyjylaryna 350 million dollar öweztöleg tölemäge razy boldy. Kompaniýa müşderileriniň şahsy maglumatlaryny goramandygyny we syzmak ähtimallygynyň bardygy barada olara habar bermändigini boýun aldy diýip, The Record ýazdy.

Google+ 2011-nji ýylda Facebook-a bäsdeş hökmünde döredildi, ýöne meşhurlyk gazanyp bilmedi. 2019-njy ýylda Google taslamany ýapmak kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, şondan öň Google+-yň ulanyjylarynyň suraty, e-poçtasy, ady, jynsy, doglan senesi, ýaşaýan ýeri, hünäri we maşgala ýagdaýy ýaly, duýgur maglumatlary internetde peýda boldy. Google bu barada ulanyjylaryna duýdurmandyr ýa-da gorag çärelerini teklip etmändir.
2018-nji ýylda The Wall Street Journal Google-y maglumatlaryň syzdyrylandygyny ýaşyrmakda aýyplaýan derňewi çap etdi. Şondan soň, Google+-yň ulanyjylary ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap edip, kompaniýa garşy kazyýet işini açdyrdy. Google "özüni goramak üçin ýerlikli delilleriň" bardygyny aýdyp, kazyýet işine garşy göreşmäge synanyşdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýa kazyýet işi üçin wagt we serişde ýitirmezlik kararyna geldi we ylalaşyk şertnamasyna razy boldy.


24.02.2026 09:46
1.7k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

28.01.2026 09:57
1.6k+

Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär...