Burger King GigaChat-yň resepti esasynda burger taýýarlamaga razy boldy

  • 13.02.2024 23:46
  • 3.8k+

«GigaChat» emeli aň modelini işläp düzüjiler «Burger King» tiz tagam zynjyryna «dünýädäki ilkinji emeli aň wopperini» döretmegi teklip etdiler. Bu barada «Rambler» habar berýär.

Ondan öň «GigaChat» emeli aň ulgamy «Burger King-iň» täze burgeriň reseptini döretmek üçin özüni esasy neýroulgam hökmünde ulanmagyny teklip edipdi.
Ýakynda ABŞ-da «Burger King» emeli aň bilen bilelikde taýýarlanan täze burger resepti boýunça bäsleşik yglan edipdi. Kompaniýa ýeňijä esasy baýrak hökmünde bir million dollar wada berdi.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......