«Ar alyjylar» filminiň aktýory Mark Ruffalo Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz aldy

  • 13.02.2024 23:45
  • 5.4k+

«Ar alyjylar» filmlerinde Halkyň keşbini ýerine ýetiren amerikaly aktýor, prodýuser we aktiwist Mark Ruffalo Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz aldy. Degişli wideo «Walk of Fame» atly «YouTube» kanalynda peýda boldy.

Ruffalo goldawlary üçin ýygnananlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Golliwudda aktýorçylyk karýerasynyň başlangyjyny ýatlady.

«Enem maňa her hepdede konwertde 20 dollar we «Men saňa ynanýaryn. Gaýrat et. Sen ähli zady başararsyň» diýen ýazgyny ibererdi» diýip, aktýor gürrüň berdi.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....