Braziliýada karnawa­l hepdeligi badalga aldy ​

  • 13.02.2024 09:13
  • 5.2k+

Braziliýada karnawal hepdesi – bu Latyn Amerikasy ýurdunyň iň meşhur aýratynlyklarynyň birine öwrülen şowhunly baýramçylyk çäresi başlandy.

Elbetde, tanslaryň we şowhunyň geçirilýän ýeri Rio-de-Žaneýro bolup, her ýylda köp sanly samba mekdepleriniň giň gerimli teatrlaşdyrylan çykyşlary syýahatçylary we ýerli ýaşaýjylary haýran galdyrýar. Bu mekdepleriň okuwçylary ýylyň dowamynda taýýarlyk görýärler – geýim tikinýärler, horeografiýa hereketlerini kämilleşdirýärler, geljekdäki çykyşyň esasy mowzugyny saýlaýarlar, tans meýdançalaryny dizaýn edýärler we gurýarlar (elbetde, hünärmenleriň gatnaşmagynda).

Karnawal ýekşenbe güni agşam alty sany samba mekdebiniň wekilleriniň dabaraly ýörişi bilen açyldy. Çykyşlar Rio şäheriniň şaýollarynyň birinde 100 müňe golaý tomaşaçyny özüne çekdi. Tans dili arkaly tansçylar tomaşaçylara orta asyr portugal ertekilerini, Braziliýada ýaşaýan ýanomami indeý halkynyň hekaýalaryny, dünýäniň döreýşi baradaky indeý miflerini we sygan halkynyň folkloryny gürrüň berdiler.


21.05.2026 16:05
8.5k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

04.05.2026 19:45
7.2k+

Şakiranyň Rio-de-Žaneýrodaky mugt konsertine 2 million tomaşaçy ýygnandy

2-nji maýda Şakiranyň Rio-de-Žaneýronyň meşhur Kopakabana kenarynda geçiren mugt konsertine 2 million tomaşaçy jemlendi. Gatnaşanlaryň sany baradaky maglumatlary şäheriň häkimi tassyklady. Bu çykyş aýdymçynyň......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.7k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....