“Altyn Asyr” BAE-de Moskwanyň “Lokomotiwine” garşy ýoldaşlyk oýnuny geçirer

  • 12.02.2024 21:48
  • 11k+

Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol kluby Moskwanyň “Lokomotiw” kluby bilen ýoldaşlyk oýnuny geçirer. Bu barada Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän klubuň metbugat gullugynda habar berildi.

Oýun 16-njy fewralda BAE-de geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar. Häzir toparlaryň ikisi-de gyşky türgenleşik üçin BAE ugrady.
Bu taryhda “Altyn Asyr” bilen “Lokomotiwiň” arasynda ilkinji oýun bolar.
“Altyn Asyryň” BAE-de gyşky türgenleşigi 2-nji marta çenli dowam eder. 4-nji marta meýilleşdirilen Türkmenistanyň çempionaty – 2024 başlanmazdan öň, Ýazguly Hojageldiýewiň topary daşary ýurt klublary bilen birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. 


düýn 17:52
2.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......