HBS: Tom Kruz Tarantinonyň “Film tankytçysy” filminiň surata düşürilmegine goşulyp biler

  • 12.02.2024 10:29
  • 3.7k+

Tom Kruz Kwentin Tarantinonyň soňky filmi “Film tankytçysynyň” ýyldyzlar ansamblyna goşulyp biler. Žurnalist Jeff Snaýder bu barada The InSneider portalynda habar berýär.

Žurnalistiň sözlerine görä, Kruz režissýor bilen gepleşik geçirýär we komediýa-dramada ikinji derejeli keşbi oýnamak üçin meýilnamasyny sazlamaga synanyşýar.
Tarantinonyň aýdyşyna görä, “Film tankytçysy” onuň karýerasyndaky onunjy we iň soňky filmdir. Filmiň sýužeti 1977-nji ýylda Günorta Kaliforniýada ýaýbaňlanyp, kino tankytçysy barada gürrüň berýär.
Filmi 2025-nji ýylda surata düşürmek meýilleşdirilýär. Çeşmäniň habar bermegine  görä, esasy aktýorlaryň biriniň - Bred Pitiň iş tertibi sebäpli önümçilik gijikdirilýär.
Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, bu filmde Pittden başga-da, Leonardo Di Kaprio, Kurt Rassel, Pol Walter Hauzer, Semýuel L. Jekson we Jon Trawolta hem keşplerde oýnap biler.
Eger Kruiz bu taslama goşulsa, bu onuň Tarantino bilen ilkinji hyzmatdaşlygy bolar. Aktýor Bred Pitt bilen “Wampir bilen söhbetdeşlik” filminde surata düşüpdi.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....