Jeff Bezos Amazon-yň 2 mlrd dollarlyk paýnamasyny satdy

  • 14.02.2024 00:35
  • 3.5k+

Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos kompaniýanyň, takmynan, 2 mlrd dollarlyk paýnamasyny satdy. Report agentliginiň “Forbes” žurnalyna salgylanyp habar bermegine görä, ol 7-nji we 8-nji fewralda, takmynan, 12 mln paýnama satdy. Baýlygy 196 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bezos öz paýnamalaryny iki ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek satýar. Ol bir hepdede özüne degişli paýnamalaryň, takmynan, 1%-inden aýryldy.

Bezosyň Amazon-yň ýolbaşçysy wezipesini terk edendigine garamazdan, ol müdirler geňeşinde galdy. Şeýle-de, ol kompaniýanyň iň uly paýdarydyr – oňa Amazon-yň 9,4%-i degişli.
“Forbesiň” hasabyna görä, Bezos milliarderleriň sanawynda üçünji orny eýeleýär. Ondan öňde SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask ($201,6 mlrd) we LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno ($219,2 mlrd) bar.


12.03.2026 07:31
8.1k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
655

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...