«Oskar» baýragynda 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze naminasiýa goşular

  • 12.02.2024 06:49
  • 3.3k+

“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Amerikan kinosungat akademiýasy 2026-njy ýylda, 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin täze “Kastingde gazanan üstünlikleri üçin” nominasiýasyny girizer. Baýrak kasting direktorlaryna aktýorlaryň has şowly saýlanmalary üçin berler.
Dalaşgärleri saýlamagyň düzgüni 2025-nji ýylyň aprel aýynda belli bolar. “Kasting direktorlary kino önümçiliginde möhüm rol oýnaýarlar we Akademiýanyň ösmegi bilen biz kastingi ykrar edýän we baha berýän kategoriýalarymyza buýsanç bilen goşýarys” – diýlip, kinoakademiýanyň habarynda aýdylýar.
Soňky gezek “Oskarda” täze nominasiýa 2002-nji ýylda goşuldy. Şonda baýragy iň gowy animasion filmleri döredijiler alyp başlady.


02.05.2026 18:25
3.7k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
2k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.6k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...