«Moana 2» multfilmi 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda çykar

  • 11.02.2024 13:01
  • 4.3k+

«Moana» multfilminiň ikinji bölüminiň çykjak senesi aýan edildi. Bu barada «Disney» kinokompaniýasynyň başlygy Bob Aýger habar berdi diýip, «NBC News» belleýär. Şol bir wagtyň özünde, studiýanyň «YouTube» kanalynda taslamanyň tizeri paýlaşyldy çap edildi.

Aýger multfilmiň dowamynyň onuň birinji bölümi çykandan sekiz ýyl soň, şu ýylyň 27-nji noýabrynda teatrlarda ilkinji gezek görkeziljekdigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, başda «Moananyň» awtorlary serial döretmegi meýilleşdirýärdiler, ýöne dolymetražly animasion filmi çykarmak kararyna geldiler.

«Moana» diýseň meşhur franşiza bolmagynda galýar we «Moana 2» şu ýylyň noýabr aýynda teatrlara çykanda size Moana we Maui barada has köp zat görkezmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip, Disney» kinokompaniýasynyň başlygy belledi.

Taslama Deýw Derrik-kiçi režissýorlyk edýär. Multfilmiň sazyny «Gremmi» baýragynyň eýeleri Ebigeýl Barlou we Emili Bir, şeýle hem filmiň 2016-njy ýylda surata düşürilen birinji bölüminiň döredilmegine gatnaşan Mark Mançina we Opetaýa Foai ýerine ýetirer. Şol wagt multfilmiň kassa ýygymy 680 million dollardan geçipdi.

düýn 23:12
1.5k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......