Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 11.02.2024 12:02
  • 3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşdy.

Türkmenistan Habarlar portalynyň habar bermegine görä, duşuşygyň gün-tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
Guramanyň ýolbaşçysy 2024-nji ýylyň Türkmenistan üçin türki dünýäsinde ähmiýetli ýyl boljakdygyny, munuň şeýle bolmagyna 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türki dünýäsiniň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýyly” we Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmeginiň täsir edendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda taraplar Türkmenistanda we TÜRKSOÝ guramasynyň ähli agza döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň toplumy barada we olaryň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türki dünýäsiniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, Änew şäheriniň medeni ähmiýetini dürli halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, TÜRKSOÝ-da, BMG-de, ÝUNESKO-da we beýleki düzümlerde açyp görkezmek boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......