“Gremmi – 2024” 2020-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara boldy

  • 09.02.2024 11:00
  • 7.1k+

2024-nji ýylyň “Gremmi” aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasyna, takmynan, 16,9 mln adam tomaşa etdi, bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 34% köpdür, bellenilen ýylda bu görkeziji 12,4 mln tomaşaça deňdi. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, life.liga.net ýazýar.

Mundan başga-da, Paramount+ platformasynda taryhda “Gremmi” baýragyna iň ýokary tomaşa sany hasaba alyndy: 2023-nji ýyldakydan 173% köp akym. Şeýlelikde, 66-njy baýrak gowşurylyş dabarasy 2020-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara boldy.
Bellenilişi ýaly, çäräniň has meşhur bölegi In Memoriam boldy, bu ýerde Stiwi Uander, Enni Lennoks, Jon Batist we Fantaziýa Barrino çykyş etdi. Şonda dabara 18,3 mln adam tomaşa etdi.
Şeýle-de, “Gremmi” dabarasy 62,6 mlrd potensial görkezişler bilen sosial ulgamlarda iň meşhur waka boldy. Bu “Gremmini” 2024-nji ýyldaky birinji belgili sosial-güýmenje wakasyna öwürdi.
“Gremmi” dabarasynyň alypbaryjysy yzygiderli dördünji gezek Trewor Noa boldy. Fulwell 73 Ses ýazgysy akademiýasy üçin dabara prodýuserlik etdi. Raj Kapur we Jessi kollinz bilen bilelikde Ben Uinston ýerine ýetiriji prodýuser boldy.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....