Tim Býorton 1950-nji ýyllaryň äpet zenan baradaky fantastiki filminiň remeýkini surata düşürer

  • 09.02.2024 15:29
  • 4.7k+

Meşhur amerikaly režissýor Tim Býorton 1958-nji ýylda ekrana çykan “50 futluk aýalyň hüjümi” (“Attack Of The 50-ft. Woman”) ylmy-fantastiki filminiň täze wersiýasyny surata düşürmäge girişer. Bu barada RBK Life habar berýär.

Film özge dünýäden gelen bilen duşuşykdan soň ägirt uly ölçege çenli ulalyp başlaýan baý mirasdüşer Nensi Arçer barada gürrüň berýär. Onuň öňem kynçylyklardan doly durmuşy hasam tragiki we howply bolýar.

“Edward gaýçy eller”, “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ýaly özboluşly filmler bilen belli bolan Býorton öz remeýkini has häzirkizaman we sosial taýdan ähmiýetli etmegi wada berýär. Şeýle-de, ol asyl nusganyň atmosferasyny saklamak üçin filmi gara-ak görnüşde surata düşürmek isleýär.

Film üçin ssenariýany “Ýiten gyz” we “Ýiti predmetler” bestsellerleriniň awtory, “Wednesday” serialynyň ssenariýaçysy Gillian Flinn ýazar. Ol baş gahrymany ýüze çykan ýagdaýlaryň pidasy däl-de, has güýçli we garaşsyz etmek isleýändigini aýtdy.

Häzirlikçe täze filmde Nensi Arçeriň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi belli däl. Asyl filmde ony Ellison Heýes ýerine ýetirdi. Mümkin dalaşgärleriň arasynda Enn Heteueý, Şarliz Teron, Emma Stoun ýaly aktrisalar bar.

“50 futluk aýalyň hüjümi” filmini 2025-nji ýylda prokata çykarmak meýilleşdirilýär. Ol Býorton bilen filmleri we seriallary döretmek üçin eksklýuziw şertnama baglaşan Netflix striming hyzmaty arkaly ýaýradylar.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....